Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Şeýlelikde, iman bilen aklanandygymyz üçin, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşygymyz bardyr.
2Biz içinde duran bu merhemetimize girmegi-de Ol arkaly iman bilen gazandyk. Hudaýyň şöhratyna şärik bolmak umydy bilen magtanýarys.
3Diňe munuň bilen hem däl, eýsem, muşakgatlar bilen-de magtanýarys, çünki muşakgatyň çydamy,
4çydamyň tejribäni, tejribäniň hem umydy emele getirýändigini bilýäris.
5Umyt bolsa utandyrmaz, çünki Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr.
6Hawa, biz entek güýçsüzkäk, Mesih belli wagtda hudaýsyzlar ugrunda öldi.
7Bir dogry adam ugrunda biriniň ölmegi müşgüldir, ýöne bir oňat adam ugrunda, belki, biri ölmäge ýürek eder.
8Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi.
9Şeýle, Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr.
10Sebäbi duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, ýaraşyk edenimizden soň, Onuň ömri bilen gutuljagymyz has anykdyr.
11Diňe bu hem däl, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen-de magtanýarys. Biz ýaraşygy Mesih arkaly aldyk.
12Şeýlelikde, bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň peýda bolşy ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, çünki olaryň hemmesi günä etdi.
13Kanun berilmezden öň hem dünýäde günä bardy, ýöne kanun bolmasa, günä hasaba alynmaz.
14Emma Adamatadan Musa çenli Geljegiň nusgasy Adamatanyň jenaýatyna meňzeş günä etmedikleriň hem üstünden ölüm höküm sürdi.
15Ýöne merhemet sylagy tagsyr ýaly däldir. Sebäbi biriniň tagsyry arkaly köp adamlar ölen bolsa, onda Hudaýyň merhemeti we bir Adam, ýagny Isa Mesih arkaly bolan merhemetdäki sylag köpler üçin has-da artandyr.
16Sylag bir adamyň gazanan günäsiniň netijesi ýaly däldir. Sebäbi bir günäden bolan höküm iş kesmek, ýöne köp günäden bolan merhemet sylagy aklanmak üçin berilýändir.
17Çünki biriniň günäsi bilen ölüm biri arkaly höküm süren bolsa, onda, merhemet we aklanma sylagynyň bollugyny alanlar hem Biri, ýagny Isa Mesih arkaly ýaşaýyşda has beter höküm sürer.
18Bir günä arkaly bütin adamlara iş kesilişi ýaly, bir dogrulyk arkaly-da bütin ynsanlara ýaşaýyş üçin aklanma geldi.
19Sebäbi bir adamyň boýun bolmazlygy üçin köpleriň günäkär ornunda oturdylyşy ýaly, Biriniň boýun bolmagy bilen-de köp adamlar dogry ornunda oturdylar.
20Kanun günäniň köpelmegi üçin ara girdi.
21Emma günäniň ölümde höküm sürşi ýaly, merhemet hem Rebbimiz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýyş üçin dogrulyk bilen höküm sürsün diýip, günäniň köpelen ýerinde merhemet has-da artdy.