Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Indi näme diýeliň? Merhemet köpelsin diýip, günäde galalyňmy?
2Ýok! Günä etmeklige ölen biz indi onda gaýtadan nähili ýaşarys?
3Ýa-da Mesih Isa çokundyrylanlarymyzyň barynyň Onuň ölümine çokundyrylandygyny bilmeýärsiňizmi?
4Atanyň şöhraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi kimin, biz hem täzelenen ýaşaýyşda gezer ýaly, çokunma arkaly Onuň bilen bile ölüme gömlendiris.
5Onuň ölümine meňzeşlikde Onuň bilen birleşen bolsak, direlmegine meňzeşlikde-de birleşeris.
6Çünki günä jesedi ýogalyp, biz mundan beýläk günä gulluk etmez ýaly, köne adamymyzyň Onuň bilen birlikde haça çüýlenendigini bilýäris.
7Çünki kim ölen bolsa, ol günäden aklanandyr.
8Biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajagymyza hem ynanýarys.
9Sebäbi biz Mesihiň direlendigini, indi ölmejekdigini, indi ölümiň Oňa agalyk etmejekdigini bilýäris.
10Çünki Ol ölen ölümini günä üçin bir gezek öldi, ýöne ýaşaýan ýaşaýşyny Hudaý üçin ýaşaýandyr.
11Şonuň ýaly, siz-de özüňizi günä etmeklige öli, ýöne Rebbimiz Mesih Isada Hudaýa diri saýyň.
12Höweslerine boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin.
13Synalaryňyzy nädogrulyk guraly edip, günä tabşyrman, eýsem, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň, synalaryňyzy dogrulyk guraly edip, Hudaýa tabşyryň.
14Günä size agalyk etmez. Çünki siz kanun astynda däl, merhemet astyndasyňyz.
15Ýene näme? Kanun astynda bolman, merhemet astyndadygymyz üçin günä edeliňmi? Ýok!
16Boýun bolmak üçin özüňizi gul hökmünde kime tabşyrsaňyz, kime boýun bolsaňyz onuň, ölüm üçin günäniň ýa dogrulyk üçin tabynlygyň gullarydygyňyzy bilmeýärsiňizmi?
17Ýöne Hudaýa şükür, siz günäniň gullarykaňyz, tabşyrylan taglymatyňyzyň mazmunyna ýürekden boýun bolduňyz.
18Şeýle, günäden azat edilip, dogrulyk gullary bolduňyz.
19Teniňiziň ejizligi üçin, men adamlaryň pikir edişine görä gepleýärin. Çünki synalaryňyzy hapalyga, kanunsyzlyk üçin kanunsyzlygyň gullugyna tabşyryşyňyz ýaly, indi synalaryňyzy mukaddeslik üçin dogrulygyň gullugyna tabşyryň.
20Siz günäniň gullarykaňyz dogrulykdan azatdyňyz.
21Häzirki utanýan zatlaryňyzdan şol wagt näme hasylyňyz bardy? Çünki ol zatlaryň soňy ölümdir.
22Ýöne indi günäden dynyp, Hudaýyň gullary bolduňyz, mukaddeslik üçin hasylyňyz bar, munuň soňy bolsa ebedi ýaşaýyşdyr.
23Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr.