Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Eý doganlar, (kanuny bilýänlere gürrüň berýärin) siz adam dirikä kanunyň oňa agalyk edýänini bilmeýärsiňizmi?
2Ärli aýal diri ärine kanun arkaly baglydyr, äri ölse welin, nika kanunyndan boşaýar.
3Şoňa görä-de, aýal äri dirikä başga äre barsa, oňa zynahor diýler, ýöne äri ölse, ol kanundan azatdyr, başga äre barsa hem zynahor däldir.
4Eý doganlar, siz hem şonuň ýaly başga Biriniňki, ýagny Direleniňki bolmak üçin, Hudaýa hasyl getirer ýaly, Mesihiň bedeni arkaly kanuna öldüňiz.
5Sebäbi biz teniň hökümi astyndakak, kanun arkaly oýarylan günä höwesleri ölüm hasylyny getirmek üçin, synalarymyzda işleýärdi.
6Emma indi, ýazgy köneliginde däl, ruhuň täzeliginde gulluk eder ýaly, tutulanymyza ölenimiz üçin, kanundan boşadylandyrys.
7Indi näme diýeliň? Kanun günämidir? Ýok! Ýöne kanun ara düşmedik bolsa, günäni tanamazdym, kanun: «Açgöz bolma» diýmedik bolsa, açgözlükden hem hiç zat bilmezdim.
8Emma günä bu buýruk arkaly bahana tapyp, içimde her hili açgözlügi döretdi, çünki günä kanundan üzňelikde ölüdir.
9Men bir wagtlar kanundan üzňelikde diridim, ýöne buýruk gelende, günä janlandy.
10Men hem öldüm. Şeýlelikde, ýaşaýyş üçin berlen buýrugyň özi maňa ölüm üçin bolup çykdy.
11Sebäbi günä buýruk arkaly bahana tapyp, meni aldawa saldy, ol arkaly öldürdi.
12Şoňa görä-de, kanun mukaddes, buýruk hem mukaddes, adalatly we oňatdyr.
13Şeýlelikde, oňat bolan zat maňa ölüm boldumy? Ýok! Ýöne günä buýruk arkaly çendenaşa günäli bolar ýaly, günä ― günä bolup görünsin diýip, oňat zat arkaly maňa ölüm hasyl etdi.
14Kanunyň ruhudygyny bilýäris, ýöne men tene degişli bolup, günäniň guly hökmünde satylandyryn.
15Sebäbi men näme edýänimi bilmeýärin, ýagny islän zadymy etmän, ýigrenen zadymy edýärin.
16Eger-de islemeýän zadymy edýän bolsam, onda kanunyň oňatdygyny tassyklaýandyryn.
17Ýöne ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir.
18Çünki mende, ýagny tenimde ýagşy zadyň mesgen tutmandygyny bilýärin, sebäbi mende gowulyk islegi bar, ýöne gowy zady etmegi başarmaýaryn.
19Çünki isleýän ýagşy işimi edemok-da, islemeýän erbet işimi edýärin.
20Men islemeýänimi edýän bolsam, onda ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir.
21Şeýlelikde, men bu kanuny tapýaryn, ýagşylyk etjek bolamda, mende erbetlik häzir bolýar.
22Hudaýyň kanunyndan içki tebigatyma görä lezzet tapmaýaryn.
23Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä kanunyna ýesir edýär.
24Ne biçäre adam men! Bu ölüm teninden meni kim halas eder?
25Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin. Men indi pikir bilen Hudaýyň kanunyna, ýöne ten bilen günä kanunyna gulluk edýärin.