Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Dodaklary bilen, goý, meni öpsün! Çünki şerapdan datlydyr söýgiň!
2Müşki-anbarlaryň neneňsi hoşboý, adyň-da dökülen atyr deý, şonuň üçin gyzlar söýýärler seni.
3Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Bile lezzet alarys senden; şerapdanam zyýada wasp ederis yşgyňy; sen olaryň söýgisine mynasyp.
4Eý, Iýerusalim gyzlary, garaýagyz-da bolsam, görmegeýdirin, gara men Kedaryň çadyrlary deý, owadan men Süleýmanyň perdeleri deý.
5Garaýagyzlygyma bakmaň, gün garaltdy meni. Enemiň ogullary maňa gaharlandylar; üzüm bagyna meni sakçy goýdular, ýöne öz üzüm bagyma bakyp bilmedim.
6Eý, köňlümiň aşygy, aýt maňa, Nirede bakýaň süriňi? Günorta çagy olara nirede dynç berýäň? Ýoldaşlaryňyň sürüleriniň ýanynda näme üçin sergezdan zenan dek bolaýyn?
7Eý, gözelleriň soltany! Eger bilmeseň, süriniň yzy bilen git, çopanlaryň çadyrynyň ýanynda owlaklaryňy bak.
8Fyrownyň arabasyna goşulan baýtala meňzedýärin seni, eý, meniň magşugym!
9Şelpeli ýaňaklaryň, hünjüli boýnuň ne gözel!
10Kümüş düwmeli tylla şelpeler ýasarys saňa.
11Şazadam suprasynda otyrka, nard atyrym hoşboý ysyny saçdy.
12Aşygym meniň üçin göwüslerimiň arasynda ýatýan mür bogdajygydyr.
13Aşygym meniň üçin Engedi üzüm baglaryndaky hyna gülleriniň çogdamydyr.
14Sen neneňsi gözel, Söýgüli dildarym, meniň! Sen neneňsi gözel, gögerçin gözlim!
15Gör, nähili syratly sen, eý, meniň söýgüli ýarym, neneňsi hoşroý sen! Gök maýsalykdyr ýatýan ýerimiz.
16Kedrdendir diregleri öýmüziň, arçadandyr üçegi.