Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemdirin.
2Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym, gyzlar içinde.
3Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.
4Ol meni meýlishana getirdi, maňa söýgi meýli bardy onda.
5Kişmişler bilen meni güýçlendir, gurplandyr almalar bilen, çünki yşk heseri meni gaplady.
6Sol eli kellämiň astynda, gujaklaýar meni sag eli bilen.
7Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Bahar aýdymy
8Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär.
9Jerene, keýik owlagyna meňzeýär dildarym. Ine, ol howlymyzyň daşynda durup, penjirelerden garaýar, gözeneklerden seredýär.
10Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör gideli bile.
11Gyş ötdi, ýagyş diňdi.
12Ýerde güller açylyp, nagma pursaty gelip, ülkämizde gumrynyň owazy eşidilýär.
13Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, bile gideli ýör».
14Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyň göreýin, eşideýin owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr.
15Bize tilkileri, üzüm baglaryny weýran edýän tilkijikleri tutup beriň, çünki üzüm baglarymyz gül açýar.
16Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
17Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, dolan yzyňa, söýgülim, Beser daglaryndaky jeren deý, keýik owlagy deý bol!