Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Köňül aşygymy gije düşegimden agtardym; gözläp tapmadym ony.
2Indi turup, şähere çykaryn, köçelerden, meýdançalardan köňül aşygymy agtararyn. Gözläp tapmadym ony.
3Aýlanyp ýören, şäher gözegçileri duşdy maňa. Olardan: «Köňül aşygymy gördüňizmi?» diýip soradym.
4Olaryň deňinden geçen dessime, köňül aşygymy tapdym men. Ony saklap, enemiň öýüne, meni dogranyň otagyna getirýänçäm, goýbermedim.
5Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Giýew we onuň toýy
6Tüsse sütüni deý çölden çykyp gelýän kim? Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.
7Ana, Süleýmanyň şa paýtuny! Ysraýylyň altmyş gerçegidir onuň daşynda.
8Ählisi gylyçly, söweşe ökde; gijäniň wehiminden billeri gylyçlydyr.
9Süleýman şa liwan agaçlaryndan özüne şa paýtunyny ýasatdy:
10sütünleri kümüşden, tirsekligi gyzyldan, oturgyjy gyrmyzy mahmaldan. Içi Iýerusalim gyzlarynyň söýgüsine beslenen.
11Eý, Siýon gyzlary, daşa çykyň-da, Süleýmany toý gününde, ýürekden şat gününde ejesiniň başyna geýdiren täjine bakyň!