Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Neneňsi gözel sen, dildarym, neneňsi gözel! Bürenjegiň astynda gögerçin gözlim. Gilgat dagyndan inip gelýän geçileriň sürüsine ogşaýar saçyň.
2Gyrkylyp, suwdan çykyp gelýän goýun sürüsine ogşaýar dişleriň. Ählisi ekizlidir, ýalky däldir olar.
3Gyrmyzy sapak deý dodaklaryň, agzyň-da ne ajaýyp. Bürençekde gizlenen ýaňaklaryň enara meňzeýär.
4Dawudyň gorhana diňidir boýnuň, müň gerçegiň galkany asylgydyr ondan.
5Maýsalykda otlaýan ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
6Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, mür dagyna, hoşboý ysly tütetgi baýryna giderin.
7Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.
8Liwandan bile gideli, eý, gelinligim; Liwandan meniň bilen gaýt! Amana depesinden, Senir, Hermon depelerinden, şirleriň sürenlerinden, gaplaňly daglardan aşyp gel.
9Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň.
10Ne şirin söýgiň seniň, eý, ezizim, gelinligim! Yşkyň şerapdan, atyryňyň hoşboý ysy ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir!
11Dodaklaryňdan bal damýar, eý, gelinligim; bal bilen süýt bar diliň astynda; lybaslaryňyň ýakymly ysy Liwanyň hoşboý ysy deý.
12Eý ezizim, gelinligim, sen bir gapysy ýapyk bagsyň, agzy ýapyk guýusyň, möhürlenen çeşmesiň.
13Nahallaryň nar bakjasydyr: saýlama miweleri bilen, hyna hem nard atyrlary bilen,
14atyrdyr zagpyran bilen, ysly gamyşdyr dalçyn bilen, dürli hoşboý ysly agaçlar bilen, mürdür aloýeler, dürli hoşboý ysly zatlar bilen.
15Sen bag çeşmesisiň, şypaly suw guýusysyň, Liwanyň akar suwusyň.
16Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin!