Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän.
2Men ukuda, ýöne köňlüm oýa. Ine, bu ýarymyň owazy. «Gapyny aç, ezizim, dildarym meniň, gögerçinim, päkizäm meniň! Başym çyga ezilen, saçym-da gijäniň nemine».
3Eşigimi çykarypdym geýeýinmi ýene? Aýaklarymy ýuwupdym hapalaýynmy ýene?
4Elini gapy deşiginden uzatdy ýarym, yşkym oňa galkyndy.
5Turdum ýaryma gapy açmaga, ellerimden damdy mür, barmaklarymdan akdy mür gulpuň tutawajyna.
6Gapyny açdym ýaryma, ýöne giden eken ol. Owazyna ezildi ýüregim. Agtardym, tapmadym ony; çagyrdym, jogap bermedi.
7Şäherde aýlanyp ýören gözegçiler maňa duşdular; meni urdular, ýaraladylar, şäher diwarlarynyň sakçylary bürenjegimi başymdan aýyrdylar.
8Eý, Iýerusalim gyzlary! Size ýalbarýaryn, ýarymy görseňiz aýdyň, yşkdan heserländirin.
9Ýaryň beýlekilerden nämesi artyk, eý, gözeller gözeli? bize ant içeriň ýaly, beýlekilerden nämesi artyk ýaryňyň?
10Akmeňiz, gülgüne ýüzlüdir, ýarym, on müňleriň arasynda saýlanýar ol.
11Sap altyndyr başy, saçlary buýra, garga deý gara.
12Süýde ýuwlan gözleri, bulak başyndaky gögerçin ýaly, ýelmenen gymmatbaha daş deý görünýär.
13Atyr saçýan gülhana deý ýaňaklary, mür damdyrýan bägüle ogşaýandyr dodaklary.
14Gollary ýüzi sary ýakut bilen bezelen togalak altyndyr, göwresi gök ýakuda gaplanan pil süňküdir.
15Aýaklary sap altyn üstünde oturdylan mermer sütünler deý, görki Liwan deý, saýlama kedr agaçlary deý.
16Agzy iň datly, katdy-kamaty owadan. Bu meniň ýarymdyr, dostumdyr, eý, Iýerusalim gyzlary!