Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Ýaryň nirä gitdi, eý, gözelleriň gözeli? Haýsy ýana ýöneldi ol? Ony yzlaly seniň bilen.
2Ýarym öz bagyna, atyr saçýan gülhanasyna, baglarda sürüsini bakmaga, çigildemler ýygmaga gitdi.
3Ýarym meniňki, men onuňky; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.
4Eý, dildarym, Tirsa şäheri deý gözelsiň sen, hoşroýsyň Iýerusalim deý, tugly goşun deý şöwketli.
5Gözleriňi menden sow, men olara bendi! Gilgat dagyndan inip gelýän geçi sürüsine ogşaýar saçyň.
6Gyrkylyp, suwdan çykyp gelýän goýun sürüsine ogşaýar dişleriň. Ählisi ekizlidir, ýalky däldir olar.
7Bürençekde gizlenen ýaňaklar enara meňzeýär.
8Şanyň altmyş aýaly bar hem segsen gyrnagy, gyzlar-da san-sajaksyzdyr.
9Gögerçinimiň, päkizämiň bolsa deňi-taýy ýok, enesiniň eziz gyzy ol, naýbaşysy ol. Gyzlar ony görüp, oňa bagtly diýdiler; şa aýallarydyr gyrnaklar ony öwdüler.
10Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu?
11Jülgäniň hasylyna seretmäge, üzüm baglarynyň gunçalaryny, narlaryň güllerini görmäge hoz bagyna gitdim.
12Bilmän galdym, isleg-hyjuwym meni nädip şanly halkymyň söweş arabalaryna mündürdi.