Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
15 verses
1Toplan, eý, utançsyz millet!
2Saman külkesi dek sowrulmazyňdan öň, Rebbiň gahar–gazaby üstüňize inmezden öň, Rebbiň gazaply güni gelmezden öň toplan!
3Rebbiň emrlerini berjaý edýän Ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň, Dogruçyllygy we pes pälligi agtaryň, Belki, Rebbiň gazap gününde Gizlenip saklanarsyňyz.
4Gaza boşap galar, Aşkelon haraba döner, Aşdot günorta çaglary kowlar, Ekron-da köki-damary bilen sogrular.
5Deňiz ýakasynda ýaşaýan Keret halkynyň dat gününe! Eý, Kengan, piliştliler ýurdy, Reb seniň garşyňa şeýle diýýär: «Ýeke kişini-de galdyrman, seni weýran ederin».
6Deňiz ýakasyndaky ýurduňyz Çopan örülerine, Süri agyllaryna döner.
7Ýahudanyň aman galanlary ýurdy eýelärler, Olar örüde sürülerini otararlar, Aşkelon şäherinde agşamlarlar, Hudaýy Reb olary ýatlap, Öňki abadançylyklaryny dikelder.
8«Halkymy masgaralap, Olaryň ýurdunda men-menlik eden Mowabyň kemsitmelerini, Ammonlaryň sögünçlerini eşitdim».
9Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz barlygyndan ant içip, şeýle diýýär: «Mowap halkyny Sodom kimin, Ammon halkyny Gomora kimin gyraryn! Bu ýurtlar tikenekli otlardan, duzly çukurlardan dolup, Baky haraba öwrülerler. Aman galan halkym Mowaby, Ammony talar, Gutulan milletim ol ýurtlary eýelär».
10Olaryň tekepbirligi zerarly şeýle jeza berler, Çünki olar Hökmürowan Rebbiň halkyny kemsidip, Olara garşy men-menlik etdiler.
11Reb olaryň ýüreklerini ýarar! Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder, Öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.
12Reb: «Eý, Efiopiýa halky, Senem Meniň gylyjymdan ölersiň» diýýär.
13Reb demirgazyga garşy el galdyrar, Aşury ýok eder, Ninewäni harabalyga, Çöl deýin ýalazy meýdana öwrer.
14Ninewe mal-garalaryň ýatagyna, Dürli wagşy haýwanlaryň kürenine öwrüler. Baýguşlar harabaçylykda mesgen tutarlar, Penjirelerden uwlaşarlar, Bosagalaryň öňi weýran bolar, Kedr pürsleri duw-dagyn ediler.
15Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, Wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes Ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.