Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Gozgalaňçy, haram, Zalym şäheriň dat gününe!
2Ol söze gulak asmady, Öwüt almady, Rebbe bil baglamady, Hudaýyna ýakynlaşmady.
3Içindäki hökümdarlary Arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Häkimleri daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan Aç möjekler kimindirler.
4Pygamberleri biperwaý, biwepa adamlardyr; Ruhanylary mukaddes zady harama çykardylar, Kanuny harladylar.
5Onuň içinde bolan Reb dogruçyldyr, Ol hiç haçan adalatsyzlyk etmez. Her gün ir säher bilen Adalatly garaýar Ol Öz halkyna, Emma pis kişi pisligini edip, Utanmany bilmeýär.
6Reb şeýle diýýär: «Gyrdym Men halklary, Diňlerini weýran etdim, Köçelerini harap etdim, Ondan ötüp-geçýän ýokdur. Şäherleri harabalyga öwrüldi, Ýekeje ynsan-da galmady».
7Men diýdim: «Siz Menden gorkuň, Öwüt-ündew alyň! Şonda mesgenleri ýok edilmez, Jezalarym başlaryndan inmez». Emma olar öňküleri ýaly, Ähli işlerinde pislikden lezzet aldylar.
8Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, Halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň, Çünki Meniň kararym milletleri toplap, Patyşalyklary bir ýere jemläp, Gaharymy, lowlaýan gazabymy Başlaryndan indermekdir, Gabanjaň gazabymyň ody Bütin dünýäni ýakyp kül eder.
9Men şonda hemmeleriň Maňa ybadat edip, Agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, Milletlere päk dil bererin.
10Dagynyk bolup, Maňa sygynan halkym Efiopiýa derýasynyň aňry tarapyndan Maňa sadaka getirer.
11Garşyma eden ähli pis işleri üçin Şol gün halkym utandyrylmaz, Çünki Men özüne buýsanyp, Men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn, Siz mukaddes dagymda Mundan beýläk tekepbirlik etmersiňiz.
12Iýerusalimde pes päl, Pukara adamlary aman galdyraryn, Olar Maňa bil baglarlar.
13Ysraýylyň aman galanlary, Nähaklyk etmezler, Ýalan sözlemezler, Agyzlaryndan hileli sözler çykmaz. Olar goýun kimin ýaşyl örülerde ýatarlar, Olary hiç kim gorkuzyp bilmez».
14Heşelle kak, eý, Siýon gyzy, Batly ses bilen gygyr, eý, Ysraýyl! Bütin kalbyňyz bilen joşup şatlanyň, Eý, Iýerusalim gyzy!
15Reb siziň garşyňyza jezany ýatyrdy, Duşmanlaryňyzy kowdy. Ysraýyl patyşasy Reb siziň araňyzda, Mundan beýläk betbagtçylykdan gorkmarsyňyz.
16Şol gün Iýerusalime şeýle diýler: «Gorkma, eý, Siýon, Elleriň gowşamasyn!
17Hudaýyňyz Reb, Ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda, Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, Nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».
18Reb diýýär: «Baýramçylyk deregine hasrat çekdiňiz, Bu siziň üçin agyr we utançlydyr, Men indi olaryň soňuna nokat goýaryn.
19Şol gün golaýlaşýar, Men size sütem edenleriň baryna jeza bererin. Agsaklary halas edip, Dagynyk ýesirleri bir ýere toplaryn. Olaryň utanjyny uly hormata öwrüp, Olary bütin dünýäde at-abraýly ederin.
20Şol wagt Men sizi toplap, öz ýurduňyza getirerin, Çünki Men gözüňiziň alnynda Öňki abadançylygyňyzy dikeldip, Dünýäniň bütin halklarynyň arasynda Size at-abraý we şan-şöhrat gazandyraryn».