Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Erbet adamyň etmişi ýüreginde seslenýär, Hudaýdan gorky ýok onuň gözünde.
2Çünki günäsini tapyp, ony ýigrenerinden, juda hoşdur onuň göwni özünden.
3Agzynyň sözleri – betlik hem hile, paýhaslanyp, ýagşylyk etmegi hiç islemeýär.
4Düşeginde ýamanlyk etmegiň ýollaryny oýlaýar, bet ýola düşýär, ony asla ýigrenç saýmaýar.
5Ýa Reb, göklere ýetýär Seniň söýgiň, bulutlara ýetýär wepadarlygyň.
6Seniň dogrulygyň belent daglar deý, Seniň adalatly hokümleriň düýpsüz çuňluk deý. Ýa Reb, Sen ynsany, haýwany halas edýärsiň.
7Eý, Hudaý, wepaly söýgiň neneň gymmatly! Seniň ganatlaryň saýasy ynsan ogullaryna pena bolýandyr.
8Öýüňiň näzi-nygmatyndan doýýarlar; Sen olary Öz lezzet derýaňdan gandyrýaň.
9Çünki ýaşaýşyň gözbaşy Sende; biz nur görýäris Seniň nuruňda.
10Seni tanaýanlara dowam etdir wepaly söýgiňi, ýüregi dogrulara – dogrulygyňy.
11Tekepbiriň aýagy meni basgylamasyn, erbet adamlaryň eli meni kowmasyn.
12Betkärler ol ýerde ýykyldylar, ýere ýazyldylar, galyp bilmeýärler.