Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
40 verses
1Erbet iş edýänlere janyňy ýakma, naýynsaplara höwesli bakma.
2Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar, gök ösümlik kimin saralyp solar. ב
3Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk, ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda.
4Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder. ג
5Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer.
6Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy. ד
7Ümsüm bol Rebbiň öňünde, Oňa sabyrly garaş, ýoly rowaç betniýete höwesli bakma. ה
8Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.
9Çünki kesilip taşlanar erbetlik edýänler, Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar. ו
10Az-kem sabyr et, erbetler ýok bolarlar, ýerlerine göz aýlarsyň, ýöne tapmarsyň.
11Päli pes adamlar bolsa ýeri miras alarlar, abadançylykda ýaşap, hezil ederler. ז
12Erbet dogry adama hyýanat edýär hem-de oňa dişlerini gyjaýar.
13Taňry bolsa onuň üstünden gülýär, çünki onuň wagtynyň dolýandygny görýär. ח
14Garyp bilen mätäji ýere çalmaklyk üçin, dogry ýoldan barýanlary öldürmek üçin, erbet adamlar gylyç syryp, ýaýyny gurýar.
15Emma gylyçlary öz ýüreklerine sanjylar, olaryň ýaýlary hem kül-owram bolar. ט
16Dogry ynsanyň az zady ähli erbetleriň baýlygyndan ýagşydyr.
17Çünki erbetleriň gollary döwler, ýöne Reb dogrulary söýgetlär. י
18Reb kämilleriň günlerini bilýändir, olaryň mirasy ebedi galar.
19Olar ýaman wagty utandyrylmaz, dok bolarlar açlyk döwründe. כ
20Emma erbetler heläk bolarlar, Rebbiň duşmanlary örüleriň gözelligi deý ýitip giderler, gaýyp bolarlar, tüsse içinde sumat bolarlar. ל
21Erbet adam karz alyp, yzyna bermez, dogry ynsan bolsa jomart we eli açyk.
22Çünki Onuň ýalkanlary ýeri miras alarlar, Onuň garganlary bolsa gyrlyp ýok bolarlar. מ
23Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär, Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar.
24Ýykylmaz bu ynsan büdräýende hem, çünki Reb onuň elinden tutýar. נ
25Ýaş ýigitdim, indi garradym, ýöne dogry ynsanyň terk edilenini ýa zürýadynyň çörek dilenenini heniz görmedim.
26Elmydama eli açyk hem-de karz berýär; olaryň neslinden ýalkynyş geler. ס
27Şer işden gaça dur hem et ýagşylyk – baky ýaşarsyň. ע
28Çünki Reb adalaty söýýändir, sadyk ynsany Ol terk edýän däldir; dogry ynsan baky goralar, ýöne erbetleriň zürýatlary gyrlyp ýok bolar.
29Dogry ynsanlar ýeri miras alarlar hem-de onda baky mesgen tutarlar. פ
30Dogry adamyň agzy danalygy sözleýär, onuň dili adalaty beýan eýleýär.
31Onuň ýüregindedir Hudaýyň kanuny, taýýan däldir onuň aýagy. צ
32Erbet dogry ynsany aňtaýar, ony öldürmäge pursat peýleýär.
33Ýöne Reb dogry ynsany erbediň eline bermez; kaza getirilende, ony aýyply çykarmaz. ק
34Rebbe umyt bagla, Onuň ýoluny sakla, Ol hem ýeri miras almagyň üçin seni beýgelder; sen erbetleriň ýok edilenini görersiň. ר
35Men yzgytsyz erbet adamyň çynar dek gögeren ýerinde ýaýrap oturanyny gördüm.
36Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi; men ony gözledim, emma tapmadym. שׁ
37Kämil ynsany synla, dogry adama seret. Parahat ynsanyň gelejegi bar.
38Emma günäliler bütinleý weýran ediler; erbetleriň gelejegi ýok bolar. ת
39Reb dogry ynsanlary halas edýändir, muşakgatlykda olara pena bolýandyr.
40Reb olara kömek berer we halas eder; olary erbetlerden gutarar we halas eder, çünki olar Ony pena tutunýar.