Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
22 verses
1Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma, gazabyňda meni terbiýeleme.
2Çünki peýkamlaryň parran geçdi içimden, Seniň eliň agram salýar meniň üstümden.
3Gaharyň zerarly tenimiň abat ýeri ýok, günäm zerarly bedenimde saglyk ýok.
4Çünki ýazyklarym başymdan agdy, agyr ýük deý maňa agramyn saldy.
5Akmaklygym zerarly ýaralarym iriňledi hem-de porsady.
6Iki bükülip, ýere ýazyldym, men uzakly gün ýas tutup gezýän.
7Çünki ysytmadan doludyr bilim, bedenimiň abat ýeri galmady.
8Halys tapdan düşdüm, mydar galmady, ýürek yzasyndan zar-zar gygyrýan.
9Ýa Taňry, Saňa aýan ähli dilegim, Senden gizlin däldir meniň perýadym.
10Ýüregim galpyldap, ysgynym gaçdy, meniň gözlerimiň nury galmady.
11Dost-ýarlarym ýaralarym zerarly menden daşlaşýar, goňşularym-da menden uzakda durýar.
12Janymyň kastyndakylar duzak gurýarlar; meniň zelelimi gözleýänler meni ýykmak hakda gürrüň edýärler; uzakly gün hile gurmagy niýet edýärler.
13Men bolsa eşidip bilmeýän ker adam ýaly, gürläp bilmeýän lal ynsan ýaly.
14Dilsiz-agyzsyz ker kimin boldum.
15Çünki, ýa Reb, men Saňa intizardyryn; Sen jogap berersiň, ýa Taňry meniň Hudaýym.
16Diýdim: «Duşmanlarym çekýän jebrime, goý, begenmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, öwünmesin».
17Çünki ýykylmaga golaýlandyryn, dyngysyz agyrym bilen ýüzbe-ýüzdürin.
18Men öz ýazygymy boýun alýaryn, günäm babatda hasrat çekýärin.
19Duşmanlarym bolsa diri hem güýçli; meni nähak ýere ýigrenýänler köpeldi.
20Ýagşylygyma ýamanlyk edýänler maňa duşmandyr, çünki ýagşylyga eýerýärin men.
21Ýa Reb, meni terk etme! Uzaklaşma menden, eý, meniň Hudaýym!
22Ýardam etmek üçin dadyma ýetiş, ýa, Taňry meniň Halasgärim!