Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Diýdim: «Dilimden günä galmazlyk üçin, ýörejek ýolumy saýgarjakdyryn; erbetler meniň garşymda durka agzymy jylawlap saklajakdyryn».
2Lal bolup, ümsümligi bozmadym, hatda ýagşy zatlary-da aýtmadym; emma beterledi meniň agyrym.
3Ýüregim tutaşdy meniň içimde, ot alawlady oý-hyýalymda, ahyrsoňy dilimi ýardym:
4«Bildir, ýa Reb, meniň soňumy hem-de galan günlerimiň sanyny; bildir ömrümiň panydygyny.
5Sen meniň günlerimi bir garyş etdiň! Seniň nazaryňda ömrüm puç zatdyr. Dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr». Sela
6«Dogrudan-da, ynsan gezýär bir sudur kimin; dogrudan-da, biderek ýere ol hysyrdaýar; ýygnaýar, munuň kime galjagyny bilmeýär.
7Ýa Taňry, indi nämä garaşaýyn men? Meniň ähli umydym Sende.
8Ähli ýazyklarymdan meni halas et, meni akmaklara masgara etme.
9Lal bolup, açmaýaryn agzymy, çünki Sen etdiň muny.
10Aýyr menden Öz urgularyňy, eliň zarbyna ýitip gidýärin.
11Ynsany günäsine görä paş edip, temmi bereňde, guwanýan zatlaryny güýe ýaly dargadýaň; dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr!» Sela
12«Dogamy eşit, ýa Reb, gulak goý meniň dat-perýadyma; Sen biparh garama gözýaşlaryma, çünki men gelmişek Seniň ýanyňda, ähli atalarym deý men bir keseki.
13Nazaryňy menden sow, gidip, ýok bolmazdan öň bir ynjalaýyn».