Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Men intizar bolup, Rebbe garaşdym, Ol maňa tarap eglip, perýadymy eşitdi.
2Meni heläkçilik gorpundan, batgalyk laýyndan çykaryp aldy; aýaklarymy gaýanyň üstünde durzup, Ol meniň ädimlerimi berkitdi.
3Ol meniň agzymda bir täze nagma – Hudaýymyza alkyş nagmasyn goýdy; köpler muny görüp gorkarlar, hem-de Rebbe bil baglarlar.
4Rebbe bil baglaýan nähili bagtly! Tekepbirlere, ýalan hudaýlara ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly!
5Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň we pikirleriň köpdür; men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.
6Gurban bilen sadakany Sen islemediň; Sen meniň gulaklarymy açdyň; ýakma gurbanlygy, günä gurbanlygy talap etmediň.
7Şonda diýdim: «Ynha, gelýärin; kitapda men barada ýazylgy.
8Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».
9Uly jemagatda dogrulygyňy men wagyz etdim; Sen bilýärsiň, ýa Reb, men agzymy ýummadym.
10Seniň dogrulygyňy ýüregimde men ýaşyrmadym; wepalylygyň, halas edişiň barada men gürrüň berdim; uly jemagatda söýgiňi, wepalylygyňy men gizlemedim.
11Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama; Seniň söýgiň, wepalylygyň, goý, elmydama meni gorasyn.
12Çünki sansyz bela-beter meni gurşady; öz etmişlerim meniň başymdan indi; görüp bilmeýän: olar başymyň saçyndan hem kän; pagyş-para boldy meniň ýüregim.
13Ýa Reb, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.
14Janyma kast edýänleriň hemmesi, goý, utanja galsyn, ýüzi gyzarsyn; başyma gelen külpetlere şat bolýanlar, yzyna öwrülip, masgara bolsun.
15Maňa «haý, haý!» diýýänler, utançlaryndan ýaňa, goý, dowla düşsün.
16Seni agtarýanlaryň bary Sende begenip, şadyýan bolsun; «Reb beýikdir!» diýip, halas edişiňi söýýänler dyngysyz aýtsyn.
17Men bolsa garyp we mätäçdirin, emma Taňry maňa gamhorlyk eder; Sensiň kömegim hem Halasgärim, eglenme, eý, meniň Hudaýym!