Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Ejizlere rehimli garaýan neneňsi bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder.
2Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň.
3Hassalyk düşeginde Reb onuň daýanjy bolar, Reb oňa bütinleý şypa berer.
4Men diýdim: «Ýa Reb, maňa merhemet eýle, şypa ber, çünki men günäli Seniň öňüňde».
5Duşmanlarym erbet gürrüň edýärler men hakda, diýýärler: «Haçan ölüp, ady-sory ýiterkä?»
6Olardan biri meni görmäge gelse, ýalan sözleýär, ýüregi gybat toplaýar, daşaryk çykandan soň, ony ýaýradýar.
7Men barada pyşyrdaşýar meni ýigrenýänleriň bary, maňa garşy ýaman niýet edýärler.
8Olar: «Ol ölüm howply bela uçrady, ine, ýatyr, indi galmaz» diýýärler.
9Hatda duzumy iýen, bil baglan dostum maňa hyýanat etdi.
10Emma Sen, ýa Reb, maňa merhemet eýle, meni dikelt, men olaryň almytyny bereýin.
11Duşmanlarym menden üstün çykmasa, Seniň menden hoşaldygyňy bilerin.
12Sen meni aýypsyzlygymda berkidýäň; ebedilik huzuryňda duruzýaň.
13Ysraýylyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun ezelden ebedä çenli! Omyn! Omyn!