Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Keýigiň akar suwlary küýseýşi kimin, eý, Hudaý, janym Seni küýseýär!
2Hudaýa, diri Hudaýa teşnedir janym, haçan görerkäm men Hudaýyň ýüzün.
3Diýenlerinde dyngysyz: «Hany Hudaýyň?» gözýaşlarym ýeke-täk azygym boldy.
4Men ýörärdim jemagat bilen, baýram edýän halky äkiderdim Hudaý öýüne; olar şatlanyp, nagma aýdardy. Şu zatlary ýatlan wagtymda küýsemeden para-para bolýar ýüregim.
5Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene öwgi aýdaryn Oňa – Halas edýän öz Hudaýyma.
6Eý, Hudaýym, içimde janym gamlanýar, munuň üçin Iordan topragynda, Hermon hem-de Mizar dagynda Seni ýatlaýan.
7Çuňluk çuňluga gygyrýar, şaglawuklaryňyň owazy bilen. Seniň ähli tolkunlaryň, silleriň kimin muşakgatlar meniň başymdan geçdi.
8Reb gündiz wepaly söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,
9Gaýam–Hudaýyma şeýle diýýärin: Näme üçin meni unutdyň? Duşman meni gysan wagtynda näme üçin gam-gussaly gezmeli?
10Duşmanlarym günde: «Hudaýyň nirede?» diýýär, kemsitme arkaly süňklerimi kül-owram edýär.
11Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene öwgi aýdaryn Oňa – Halasgärime we Hudaýyma.