Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
5 verses
1Eý, Hudaý, Sen meni akla! Hudaýsyz milletden alyp ber meniň hakymy, hilegär we adalatsyz adamlardan halas et meni.
2Çünki pena tutunýan Hudaýym Sensiň. Sen näme üçin meni terk etdiň? Duşman meni gysan wagtynda, näme üçin gam-gussaly gezmeli?
3Sen iber nuruňy, hakykatyňy, goý, olar ýol görkezsin maňa; goý, olar meni äkitsin, mukaddes dagyňa we ýaşalgaňa.
4Şonda Hudaýyň gurbanlyk sypasyna, keýpiköklügim bolan Hudaýyma bararyn. Eý, Hudaý, meniň Hudaýym, men Saňa kinorda öwgi nagmasyny aýdaryn.
5Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene öwgi aýdaryn Oňa – Halasgärime we Hudaýyma.