Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Eý, Hudaý, gulagymyz bilen eşitdik; atalarymyzyň döwründe, gadym eýýamda olar bize Seniň edenleriň barada gürrüň berdiler.
2Milletleri kowup Öz eliň bilen, Sen atalarymyza ýer berdiň. Halklary wes-weýran edip, Sen atalarymyzy ýaýratdyň.
3Olar ýurdy eýelemediler gylyjy bilen, ýeňşi gazanmadylar gollary bilen – Seniň eliň, goluň, ýüzüňiň nury edendir muny; çünki Sen juda söýdüň olary.
4Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym. Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.
5Duşmanlarymyzy basgylarys Seniň kuwwatyň bilen, garşydaşlarymyzy depgiläris Seniň adyň bilen.
6Men öz ýaýyma bil baglamaýan, meni halas etmeýär meniň gylyjym.
7Sensiň bizi halas eden duşmanlarymyzdan, Sensiň bizi ýigrenýänleri utanja goýan.
8Uzakly gün Hudaý bilen magtanýarys Seniň adyňa baky şükür ederis. Sela
9Ýöne indi bizi taşladyň, utanja goýduň, goşunlarymyz bilen bile gitmeýärsiň Sen.
10Bizi duşmandan gaçar ýaly etdiň Sen, bizi ýigrenýänler bizi talaýar.
11Bizi goýun kimin iýmäge berdiň, Sen milletler arasynda bizi pytratdyň.
12Sen Öz halkyňy haýyrsyz satdyň, olaryň bahasyndan haýyr görmediň.
13Goňşy halklaryň öňünde biz ýüzügara, göz-gülban etdiň, töwerek-daşa etdiň masgara.
14Milletleriň diline düşürdiň bizi, halklar ýaýkaýarlar bize başyny.
15Myjabat ýöňkeýäniň, dil ýetirýäniň sesinden ýaňa, duşmandan we öç alýandan ýaňa, uzakly gün ryswalygym garşymda, meniň ýüzümi utanç büredi.
17Başymyza indi bularyň bary, ýöne unudan däldiris Seni, hyýanat etmedik Seniň ähtiňe.
18Biziň ýüregimiz Senden dänmedi, ädimlerimiz Seniň ýoluňdan çykmady. Sen bolsa bizi şagallar mekanynda kül-peýekun etdiň, ölüm kölegesi bilen Sen bizi örtdüň.
20Eger Hudaýymyzyň adyny unudan bolsak, bir ýat taňra ellerimizi uzadan bolsak,
21Hudaýa aýan bolmazmydy bu? Ol bilýär-ä ýürekdäki syrlary!
22Biz her gün Seniň üçin öldürilýäris, biz damagy çalynjak goýun saýylýarys.
23Oýan, ýa Taňry, näme üçin uklaýaň? Galk Sen, bizi baky taşlama.
24Näme üçin Sen ýüzüňi gizleýäň, muşakgat bilen hasratymyzy unudýaň?
25Biz gara ýere ýazylyp gitdik, indi toprakdan galyp bilemzok.
26Galk-da, bize kömek et, wepaly söýgiň hatyrasyna bizi halas et.